Hytaýda dünýädäki ilkinji kosmos elektrostansiýasynyň toplumy guruldy

  • 18.06.2022 16:04
  • 11k+

Hytaýyň Sidian uniwersiteti kosmos Gün energiýasynyň ýerüsti synaglary üçin dünýädäki ilkinji toplumlaýyn ulgamyň gurluşygyny tamamlady. Hytaýyň demirgazygyndaky Sian şäherindäki Sidian uniwersitetiniň günorta şäherçesinde ýerleşen beýikligi 75 metr bolan polat gurluşy kosmos Gün energiýasynyň (space-based solar power, SBSP) konsepsiýalaryny barlamak üçin goşmaça ulgamlary özünde jemleýär. Uniwersitetiň habaryna görä, ol 5-nji iýunda, meýilleşdirilen möhletden üç ýyl ir kabul ediş synagyndan geçdi diýip, ixbt.com habar berýär.

Bu desga gün energiýasyny ýygnamak we ony elektrik energiýasyna öwürmek üçin niýetlenendir. Soňra elektrik energiýasy 55 metr aralyga antenna arkaly geçirmek üçin mikrotolkunlara öwrülýär. Ulgam ýagtylygy we fotoelektrik öwrülişigini jemlemek, energiýany mikrotolkunlara öwürmek, mikrotolkunlary geçirmek we tolkunlaryň şekilini optimizirlemek, mikrotolkun şöhlesiniň ugruny ölçemek we dolandyrmak, şeýle-de mikrotolkunlary kabul etmek we düzetmek ýaly tehnologiýalary öz içine alýar.
Bu işe Hytaýyň SBSP boýunça abraýly hünärmeni, akademik Duan Baoýan ýolbaşçylyk etdi. 
Hytaýyň Sidian uniwersiteti geostasionar orbitada elektrik energiýasyny öndürmek we geçirmek üçin Orb-Shape Membrane Energy Gathering Array (SSPS OMEGA) hususy konsepsiýasyny taýýarlaýar. 
Geçen ýyl Hytaýyň kosmos tehnologiýalarynyň akademiýasy kiçi dirižablyň bortundaky peýdaly ýüki we deňizdäki gözleg gämisiniň bortundaky kabul edijileri ulanyp, mikrotolkun energiýalaryny 300 metr aralyga geçirdi. 


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....