Daşoguzda sebitde deňi-taýy bolmadyk onkologiýa hassahanasy açyldy

  • 28.05.2022 08:34
  • 27k+

27-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasy bilen birlikde, 150 orunlyk täze onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Döwlet Baştutany aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary astynda toý bagyny kesip, döwrebap lukmançylyk desgasynyň aýry-aýry bölümleriniň işi bilen ýakyndan tanyşdy.

Daşoguz şäherinde gurlan täze onkologiýa hassahanasy umumy meýdany 5,9 gektara deň bolan 6 bölekden, 3 gatly bejeriş bölümli binalar toplumyndan, operasion we laborator-anyklaýyş, maslahat beriş bölümlerinden, hojalyk hem-de tehniki binalardan ybaratdyr. Onda maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, barlaghana, 50 orunlyk umumy onkologiýa, 50 orunlyk radiologiýa, 20 orunlyk himiýaterapiýa, 20 orunlyk gematologiýa, 10 orunlyk polliatiw hem-de 12 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Ýeri gelende daşary ýurtly bilermenler tarapyndan Daşoguz şäherinde gurlan täze hassahanalara halkara güwänamalaryň gowşurylandygyny-da nygtamak gerek.

Daşoguz welaýat onkologiýa hassahasy hem, täze köpugurly hassahana hem Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Niderlandlar Patyşalygy, Çehiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary, saglygy goraýyş maksatly beýleki serişdeleri bilen üpjün edilendir.

Täze lukmançylyk edaralarynda zähmet çekjek hünärmenler bolsa ýurdumyzyň merkezi hassahanalarynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Türkiýede, Russiýada hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçen tejribeli lukmanlardyr.


düýn 11:43
4.1k+

Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler

Nowosibirskli rus alymlary buýan kökünden tapylan madda - glisirin turşusyna esaslanýan birleşmäni işläp düzdüler we patentlediler. Ol çiş öýjüklerinde antibiotik doksorubisiniň ýygnanmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesinde köp sanly dermana durnuklylygy ýeňip geçmäge kömek edip biler diýip, TASS habar berýär...

01.07.2025 18:01
4.5k+

Dünýäde sanjym edilişiniň peselmegi millionlarça çaganyň kesele garşy gowşak bolmagyna getirýär

Çagalara howply ýokançlyklara garşy sanjym edilişiniň dünýä boýunça derejesi ösmegini bes etdi. Kä ýurtlarda bolsa, hatda aşaklap başlady. Bu barada The Lancet ylmy žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan Bi-bi-si habar berýär...

28.06.2025 13:15
7.8k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy...

27.06.2025 17:46
3.5k+

ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy

Kaliforniýanyň 28 ýaşly ýaşaýjysy Nik Harufehiň görüşini sütün öýjüklerini oturtmak arkaly bölekleýin dikeltmek başartdy diýip, Daily Mail neşiri habar berýär. Harufeh bäş ýyl ozal ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramçylygynda şikes alypdyr...