Türkmenistanda şäherara ýolagçy demir ýol gatnawlary dikeldilýär

  • 19.05.2022 00:38
  • 91k+

2022-nji ýylyň 20-nji maýyndan başlap, Aşgabatdan Türkmenistanyň beýleki şäherlerine amala aşyryljak ýolagçy demir ýol gatnawlarynyň tertibi mälim edildi.

ORIENT agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligine salgylanyp habar bermegine görä, Aşgabat—Türkmenbaşy we Türkmenbaşy—Aşgabat ugry boýunça ýolagçy otlulary her gün hereket eder.
Her hepdäniň penşenbe we ýekşenbe günleri Türkmenabat-Türkmenbaşy ugry boýunça, duşenbe we anna günleri bolsa Türkmenbaşy-Türkmenabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlary amala aşyrylar.
Şeýle hem her hepdäniň çarşenbe we ýekşenbe günleri Aşgabatdan Daşoguza, duşenbe we penşenbe günleri bolsa Daşoguzdan Aşgabada ýolagçy otly gatnawlary hereket eder.


düýn 09:01
3k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....