Xiaomi meşhurlyk babatda Samsung bilen Apple-iň yzyndan ýetýär

  • 18.05.2022 08:04
  • 9k+

Counterpoint Research firmasynyň analitikleriniň hasabatyna görä, Xiaomi-niň smartfonlaryny ulanyjylaryň sany 500 milliondan geçdi, öň bu görkezijä diňe Samsung bilen Apple ýetipdi.

Statistika 2021-nji ýylyň kompaniýa üçin örän üstünlikli ýyl bolandygyny görkezýär. Ýewropanyň we Hindistanyň çäginde Xiaomi iň uly elektron enjamlaryny öndürijileriň üçlügine goşuldy. Hindistan sebitinde kompaniýanyň paýy umumy bazaryň 23%-ini düzýär. Hytaýda bolsa ol bäşinji orny eýeleýär, ýöne ol ýerde bir ulanyjynyň ortaça girdejisi beýleki sebitlere garanyňda has ýokary bolup, bu hem kompaniýa uly kömek edýär. Üstesine-de, Xiaomi-niň internet hyzmatlaryndan gelýän girdejiniň 80%-den gowragyny Hytaý emele getirýär, şol bir wagtyň özünde mahabat hem uly goşant goşýar. 


düýn 15:00
923

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

25.04.2026 20:11
2.5k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......

23.04.2026 03:54
2.5k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......

21.04.2026 14:43
3.7k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......