Maskyň kompaniýany satyn almajakdygyny aýdandan soň, Twitteriň paýnamalary 15% arzanlady

  • 14.05.2022 07:00
  • 13k+

Adybir sosial tora eýelik edýän Twitter kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy anna güni 15,57%, ýagny 38,06 dollara çenli arzanlady. Muňa NASDAQ biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär diýip, TASS habar berýär.

Owal Twitteri satyn almak kararyna gelen telekeçi Ilon Mask Twitterde galp akkauntlaryň sany (umumy sanyň 5%-den azragy) baradaky maglumatlaryň  tassyklanylmagyna garaşýandygy bilen bagly, kompaniýany satyn almak boýunça geleşikleriň durmuşa geçirilmeginiň togtadylandygyny habar berdi.

Maskyň beýleki kompaniýasy bolan Teslanyň paýnamalary bolsa, tersine 5,73%, ýagny 769,78 dollara çenli ýokarlady. Penşenbe gününiň söwdalaşyklarynyň ahyrynda  maýa goýumçylaryň Ilon Maskyň ünsüniň öz täze aktiwlerine gönügäýmeginiň mümkindiginden howatyrlanmaklarynyň täsiri bilen her aýratyn kagyzyň bahasy pese düşmäge başlady.
25-nji aprelde Twitteriň ýolbaşçylygy Maskyň kompaniýany 44 mlrd dollara satyn aljakdygyny mälim edipdi. ABŞ-yň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasynyň maglumatlaryna görä, eger milliarder ylalaşygy ýatyrmak kararyna geläýse, onda ol munuň üçin kompaniýa 1 mlrd dollar möçberinde jerime tölemeli bolar. 
Eger ylalaşygy ýatyrmak başlangyjy Twitterden çyksa, onda öweztölegi Mask alar. Geleşigiň gutarnykly ýapylmaly senesi 2022-nji ýylyň 24-nji oktýabry diýip bellendi.


20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......