Serdar Berdimuhamedow sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly maslahat geçirdi

  • 12.04.2022 09:51
  • 17k+

11-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Iş maslahatynyň gün tertibine laýyklykda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem ilaty özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, şu ýyl Diýarymyzda jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen hemme zerur çäreleriň görülýändigi barada hem hasabat berildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......