Прогноз погоды в Туркменистане на неделю (28.03 — 03.04)

  • 28.03.2022 00:26
  • 13k+

Geljek hepdede Türkmenistanda howanyň üýtgäp durmagyna garaşylýar, käbir günlerde az mukdarda ygalyň düşmegi mümkin, kä sebitlerde güýçli şemal öwser diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär.  Temperaturanyň aşak düşmegi mümkin - irdenligine, günortana garanda, sowugrak bolar. Şeýle hem hepdäniň ahyrynda ýurduň ähli sebitlerinde howa güýçli gyzar diýip garaşylýar. 

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni howa +20 derejä çenli gyzar. Sişenbede howa maglumaty gullugy howanyň temperaturasy  +14 dereje bolar diýip çaklaýar. Hepdäniň çarşenbe güni howa +22 derejä çenli gyzar. Penşenbede termometriň sütünjigi +25-i görkezer diýip çaklanylýar. Anna güni temperatura biraz aşaklap,  +20 derejede saklanar we ýagyn görnüşinde 1,2 mm ygalyň düşmegi mümkin. Şenbe güni howa açylyşyp, temperatura +26 derejä çenli gyzar. Ýekşenbe güni howa hasam gyzyp, +33 derejä ýeter. 

Balkan welaýatynda duşenbe güni howa maglumaty gullugy tizligi sekuntda 20 metre ýetýän güýçli şemal öwser, howa bolsa +13 dereje gyzar diýip çaklaýar. Sişenbe güni termometriň sütünjigi +14 derejäni görkezer. Çarşenbede howanyň +23 derejä çenli gyzmagyna garaşylýar. Penşenbe güni +24 dereje yssy bolar. Anna güni howanyň aňrybaş gyzgynlygy birneme peselip +21 derejäni görkezer. Dynç günleri howanyň üzül-kesil gyzmagyna - şenbe güni +27, ýekşenbe güni bolsa +31 derejä ýetmegine garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni tizligi sekuntda 18 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar, howa bolsa şol gün +18 dereje bolar. Sişenbede gündizine howanyň temperaturasy biraz aşaklap, +10 dereje bolar. Howa maglumaty gullugy hepdäniň çarşenbe güni howa +17 derejä çenli gyzar diýip çaklaýar. Penşenbe we anna günleri howanyň gyzgynlygynyň +21 derejä galmagy mümkin. Dynç günleri hem howanyň gyzmagyna garaşylýar - şenbe güni +22 we ýekşenbe güni +28 dereje bolar. 

Mary welaýatynda duşenbe güni howa +22 derejä çenli gyzar. Sişenbe güni az-kem ýagyn ýagmagy mümkin, termometriň sütünjigi +14-e çenli aşaklar. Çarşenbe güni howa ýene biraz gyzyp, +19 dereje bolar. Penşenbede gündizine howanyň aňrybaş gyzgynlygy eýýäm +27 derejä ýeter. Anna we şenbe günleri howa maglumaty gullugynyň çaklaýşyna görä, howanyň gyzgynlygy +25 dereje töwerek bolar. Ýekşenbede howanyň +32 derejä çenli gyzmagy mümkin diýip çaklanylýar.  

Lebap welaýatynda hepdäniň duşenbe güni howanyň +20 derejä çenli gyzyp, açyk bolmagyna garaşylýar. Sişenbe güni tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemal öwsüp, howanyň temperaturasy biraz peseler, ýagny +12 dereje bolar. Çarşenbe güni howa ýene gyzyp ugrar we termometriň sütünjigi +18-i görkezer. Penşenbede howa +25 derejä çenli gyzar we şenbe gününe çenli şeýle dereje saklanar.  Ýekşenbe güni howanyň gyzgynlygy üzül-kesil artar we +33 derejä ýeter.


22.06.2026 14:18
7.7k+

Под знойным дыханием июня: Туркменистан накрывает жара до +43°С

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды Туркменистана поделилась прогнозом погоды на эту неделю (22–28 июня)....

08.06.2026 15:19
7.2k+

Прогноз погоды в Туркменистане: дождь в начале недели

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды предоставила прогноз погоды по Туркменистану на неделю (8–14 июня)....

25.05.2026 11:42
8.5k+

Последние дни мая принесут Туркменистану дожди и сорокаградусную жару

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды Туркменистана опубликовала прогноз погоды по Туркменистану на эту неделю....

11.05.2026 09:43
11k+

Прогноз погоды в Туркменистане: май готовит нас к лету, +40 °C с перерывами на дожди

Служба по гидрометеорологии Министерства охраны окружающей среды Туркменистана предоставила прогноз погоды на эту неделю....