Solar Orbiter basym taryhda Güni has golaýdan surata alar

  • 15.03.2022 17:55
  • 2.9k+

Solar Orbiter - bu EKA bilen NASA-nyň bilelikdäki kärhanasydyr. 2020-nji ýylda korabl rekord goýdy we taryhda Güni has golaý aralykdan surata aldy. Häzir kosmiki apparat bu netijäni täzelemäge taýýarlyk görýär we oňa şu aýda golaýlamak isleýär.

2020-nji ýylda Solar Orbiter Güni 77 mln km aradaşlykdan surata alypdy. Şu aý bolsa 48 mln km aradaşlykdan düşürilen suratlar alnar. Bu takmynan biziň ýyldyzymyz bilen Ýeriň arasyndaky uzaklykdan üç esse ýakyndyr. Manýowr 26-njy martda amala aşyrylar. Häzirki wagta çenli adamzadyň taryhynda ýeke korabl hem  ýyldyzymyzy şunuň ýaly aradaşlykdan surata alyp görmedi.


düýn 16:13
5.2k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....