Solar Orbiter basym taryhda Güni has golaýdan surata alar

  • 15.03.2022 17:55
  • 2.8k+

Solar Orbiter - bu EKA bilen NASA-nyň bilelikdäki kärhanasydyr. 2020-nji ýylda korabl rekord goýdy we taryhda Güni has golaý aralykdan surata aldy. Häzir kosmiki apparat bu netijäni täzelemäge taýýarlyk görýär we oňa şu aýda golaýlamak isleýär.

2020-nji ýylda Solar Orbiter Güni 77 mln km aradaşlykdan surata alypdy. Şu aý bolsa 48 mln km aradaşlykdan düşürilen suratlar alnar. Bu takmynan biziň ýyldyzymyz bilen Ýeriň arasyndaky uzaklykdan üç esse ýakyndyr. Manýowr 26-njy martda amala aşyrylar. Häzirki wagta çenli adamzadyň taryhynda ýeke korabl hem  ýyldyzymyzy şunuň ýaly aradaşlykdan surata alyp görmedi.


düýn 18:03
1.2k+

Perseverance roweri Marsda özbaşdak çelgi almagy öwrendi

NASA-nyň Perseverance roweri taryhda ilkinji gezek Gyzyl planetada özüniň takyk çelgisini özbaşdak kesgitlemek mümkinçiligine eýe boldy.  Öňler rower diňe tigirleriniň aýlanyşyna we töweregiň wizual seljermesine bil baglap, 30 metre ýetýän derejede ýalňyşlyk goýberýärdi...

düýn 16:59
1.5k+

Aýa dolanmak kyn boldy: NASA Artemis II Aý missiýasyny ýene yza süýşürýär

NASA-nyň Artemis II aý missiýasynyň 6-njy marta meýilleşdirilen uçuşy tehniki näsazlyklar sebäpli yza süýşürilýär. Nobatdaky barlag wagtynda SLS raketasynyň ikinji basgançagynyň hereketlendiriji desgasynda geliý akymynyň bozulmagy ýüze çykaryldy...

21.02.2026 18:05
1.8k+

NASA Aýa uçjak missiýasynyň ýangyç guýmak synaglaryny şowly diýip tassyklady we uçuşy mart aýyna meýilleşdirdi

NASA Space Launch System (SLS) agyr göteriji raketasyny ýangyç bilen doldurmak boýunça gaýtadan geçirilen doly göwrümli synagyň üstünlikli tamamlanandygyny resmi taýdan tassyklady we taryhy Artemis II missiýasyny taýýarlamagyň jemleýji tapgyryna girişdi...

19.02.2026 09:05
1.8k+

Perseverance barlaglary Marsyň öň çygly we maýyl bolandygyny tassyklady

Marsyň ýüzünde geçirilen barlaglar milliardlarça ýyl ozal bu planetanyň öň çaklanylyşy ýaly buz bilen örtülmän, gaýta maýyl we çygly bolandygyny görkezdi. Munuň özi «Nuh eýýamy» diýlip atlandyrylýan döwürde (takmynan 4,1–3,7 mlrd ýyl ozal) Marsda äpet suw howdanlarynyň we derýalaryň bolandygyny çaklamaga doly mümkinçilik berýär...