Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (14.03 — 20.03)

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (14.03 — 20.03)

Indiki hepdede Türkmenistanda howanyň ýagynly we sowuk bolmagyna garaşylýar diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär. Diňe käbir sebitlerde howa az wagtlyk +17 we +20 derejä galar diýip çaklanylýar. 

Aşgabatda we Ahal welaýatynda hepdäniň birinji gününde az-kem ýagyn ýagyp, howa maksimal +10 derejä çenli maýyl bolar. Sişenbe, çarşenbe we penşenbe günleri howanyň gyzgynlygy +8 dereje töwerek bolup, şol günlerde has güýçli ýagyn ýagar. Günde 4-6 mm ygalyň düşmegine garaşylýar.  
Anna güni howa +9 derejä çenli gyzar, ýagyn dynar. Dynç günleri howanyň derejesi +10 - +11 töwerek bolar, bulutly howa saklanar.

Balkan welaýatynda duşenbe güni az-kem ýagyn ýagar, howanyň +10 derejä çenli gyzmagyna garaşylýar. Sişenbede howanyň gyzgynlygy +12 derejä ýeter. Çarşenbede 4,5 mm-e çenli ygal düşer, temperatura +10 derejä çenli aşaklar. 
Penşenbe güni 6,1 mm ygalyň düşmegine garaşylýar, termometriň sütünjikleri şol aňry gitse +8 derejäni görkezer. Anna gününden başlap, hepdäniň ahyryna çenli howanyň gyzgynlygy +11 dereje töwereginde bolar. Ýekşenbede howa az wagtlygam bolsa açylyşar.

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni sepeleýän ýagşa we howanyň derejesiniň +8 bolmagyna garaşylýar diýip howa maglumaty gullugy habar berýär. Sişenbe güni howa +10 derejä galar. Çarşenbe güni az-kem ýagynly  we howa +6 dereje  bolar.
Penşenbede 13,3 mm mukdarda ygalyň düşmegi, şol sanda ýagyn gatyşykly garyň ýagmagy mümkin, çünki şol gün günortanlar howanyň temperaturasy +2 derejä çenli aşaklar. Anna güni howanyň aňrybaş gyzgynlygy +7-ä ýeter we hepdäniň ahyryna çenli şol ýagdaýda saklanar. Şonuň bilen birlikde, irdenligine hem agşamlaryna sebitde howanyň derejesi noldan aşak düşmegi mümkin.

Mary welaýatynda duşenbede az-kem ygally we howanyň derejesiniň +15 bolmagyna garaşylýar. Sişenbe güni aňrybaş gyzgynlyk +11 derejä çenli aşaklar we 4,4 mm-e çenli ygal düşer. Çarşenbe güni howa birden +20 derejä çenli gyzar we 4 mm töweregi ygal düşer. Penşenbede howa +12 derejä çenli aşaklar we az-kem ýagyn ýagar diýip çaklanylýar.  
Anna güni ygallar kiparlar, temperatura bolsa +10 dereje töwerek bolar. Dynç günleri termometriň sütünjigi +13 dereje töweregi görkezer, howanyň açylyşmagy mümkin.

Lebap welaýatynda duşenbede we sişenbede az-kem ýagynly bolar, howanyň gyzgynlygynyň +13 - +10 dereje bolmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni howanyň birden +17 derejä çenli gyzmagy mümkin, şonuň bilen birlikde şol gün çabga geler diýip garaşylýar, ygalyň mukdary 6,2 mm-e ýetmegi mümkin.
Penşenbe güni howanyň gyzgynlygy +11 derejä çenli aşaklar, 4,4 mm çenli ygalyň düşmegine garaşylýar. Anna güni ýagyn kiparlap, howanyň temperaturasy +8 dereje bolar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. Dynç günlerinde howa açylyşar we howanyň gyzgynlygy +10 dereje töwerek bolar.