8-nji martda Türkmenistanda garaşylýan howanyň ýagdaýy

8-nji martda Türkmenistanda garaşylýan howanyň ýagdaýy

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 8-nji martda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +12... +14° maýyl bolar.Howanyň basyşy 704 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +13... +18°, kenarýaka etraplarynda +8... +13° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 748 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Awazada: howa +10... +12°, basyşy 756 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Balkanabat şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 755 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +12... +17° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 738 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Tejen şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 739 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +11... +16° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Baýramaly şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 737 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +10... +15° maýyl bolar.       
Türkmenabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 743 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Kerki şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +6... +11° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 753 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Köneürgenç şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 755 mm, çyglylygy 50 — 70%.