3-nji mart: türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?

3-nji mart: türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 3-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny okyjylaryň dykgatyna ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +21... +23° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 45 — 65 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +21... +26°, kenarýaka etraplarynda +14... +19° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 758 mm, çyglylygy 50 — 70 %.
Awazada: howa +15... +17°, basyşy 765 mm, çyglylygy 45 — 65 %.
Balkanabat şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 762 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +20... +25° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +21... +23°, basyşy 733 mm, çyglylygy 50 — 70 %.
Tejen şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 747 mm, çyglylygy 45 — 65 %.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +11°, gündizine +20... +25° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 739 mm, çyglylygy 40 — 60 %.
Baýramaly şäherinde: howa +23... +25°, basyşy 742 mm, çyglylygy 45 — 65 %.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +18... +23° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +20... + 22°, basyşy 745 mm, çyglylygy 35 — 55 %.
Kerki şäherinde: howa +21... +23°, basyşy 740 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +16... +21° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 742 mm, çyglylygy 40 — 60 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 752 mm, çyglylygy 45 — 65 %.