Ýazyň ilkinji gününde Türkmenistanda garaşylýan howanyň ýagdaýy

Ýazyň ilkinji gününde Türkmenistanda garaşylýan howanyň ýagdaýy

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 1-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.  
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 708 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +14... +19°, kenarýaka etraplarynda +11... +16° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 758 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Awazada: howa +13... +15°, basyşy 766 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Balkanabat şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 765 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +13... +18° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 740 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Tejen şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 749 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +13... +18° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 747 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Baýramaly şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 746 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, welaýatyň günorta etraplarynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +12... +17° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 750 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Kerki şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 746 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +10... +15° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 760 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Köneürgenç şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 762 mm, çyglylygy 65 — 85%.