Türkmen biržasy: bahasy 100 million dollara golaý 72 geleşik hasaba alyndy

  • 21.02.2022 13:52
  • 4.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 96 million 537 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksuny, ýangyç mazudyny, arassalanmadyk parafini, şeýle hem Russiýanyň, BAE-niň,Türkiýäniň, Ukrainanyň, Polşanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen polietileni, tehniki ýody, polipropileni satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Türkiýäniň, Russiýanyň, BAE-niň, Maltanyň, Ermenistanyň, Polşanyň, Owganystanyň işewürleri nah ýüplügini, el halylaryny, jins matalaryny, tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Hindistanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri bahasy 37 million 177 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, el halylaryny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasyABŞ-nyň 23 müň dollaryna golaý bolan portlandsementi, şeýle hem bahasy 4 million 303 müň manada golaý bolan ýokary dykyzlykly polietileni hem-de el halylaryny satyn aldylar.


düýn 22:54
623

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......