Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (21.02 — 27.02)

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (21.02 — 27.02)

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbede howanyň maksimal temperaturasy +12 gradus bolup, az-kem ýagyş ýagmagy ahmal. Sişenbede +16 gradus maýyl bolar. Çarşenbede termometriň görkezijileri +19 gradus görkezer. Penşenbeden şenbe aralygynda maksimal gündizki temperatura +23 gradus bolar. Ýekşenbe güni +15 gradusa çenli sowamagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda duşenbede we sişenbede howanyň maksimal temperaturasy +14 gradus bolar. Çarşenbeden başlap howanyň temperaturasy ýokarlanyp başlap, +18 gradusa deň bolar. Penşenbede +21 gradus, annada +25 gradus bolar. Şenbede güýçli şemal öwsüp, tizligi sekuntda 18 metre çenli ýeter, +18 gradus maýyl bolar. Ýekşenbede +12 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda duşenbeden penşenbe aralygynda gündizki maksimal temperatura +15 — +18 gradus aralygynda bolar. Annada +20 gradus bolar. Bu hili howa şenbede hem saklanar. Ýekşenbede termometriň görkezijileri +12 gradus bolar.

Mary welaýatynda duşenbede güýçli ýagyş ýagar — 6,4 mm ýetýän ygal düşer, howanyň maksimal temperaturasy +19 gradus bolar. Sişenbede hem az-kem ygal düşmegi ahmal, +17 gradus bolar. Çarşenbede +19 gradus bolar. Penşenbede açyk howa bolup, +22 gradus bolar. Annada +24 gradusa çenli maýlar, şenbede +26 gradus bolar. Ýekşenbede howanyň temperaturasynyň +16 gradusa çenli düşüp, az-kem ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynda duşenbede +18 gradus bolar. Sişenbede +14 gradusa çenli aşaklar. Çarşenbede +17 gradus, penşenbede +19 gradus bolar. Annada +23 gradusa çenli gyzyp, şenbede +24 gradus bolar. Ýekşenbede sekuntda 14 metre ýetýän şemal öwser, az-kem ýagyş ýagmagy ahmal, +18 gradus bolar.