Türkmenistanyň Prezidentligine ýene-de iki dalaşgär hödürlenildi

  • 20.02.2022 02:20
  • 23k+

19-njy fewralda Ahal we Mary welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Ýygnaklaryň dowamynda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Prezident saýlawlaryna mynasyp adamlar dalaşgärlige hödürlenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ahal welaýatynda geçirilen ýygnaga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň ýokary döwlet wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky teklibe garadylar.
M.Öwezgeldiýew 2007-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda intern-lukmany wezipesinde işe başlady hem-de 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli welaýatyň etraplarynda bu düzümiň dürli ýolbaşçy wezipelerinde işledi. 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri bolsa Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýär.
M.Öwezgeldiýewiň ýolbaşçy wezipede guramaçylyk ukybyny, onuň ýokary hünär we şahsy häsiýetini nazara alyp, ýygnaga gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.
Maksatmyrat Öwezgeldiýew öz gezeginde bu ýere ýygnananlara hoşallyk bildirip, jogapkärçilige doly düşünýändigine we bildirilen ynamy ödemek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Mary welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek hakyndaky teklibe garadylar.
Bu mesele boýunça pikir alyşmalaryň barşynda ýygnaga gatnaşyjylar dalaşgäriň terjimehaly we zähmet ýoly bilen tanyşdylar.
1999-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlap, K.Saryýew inžener-mehanik hünärini ele aldy hem-de “Maryazot” önümçilik birleşiginde zähmet ýoluna başlady. 2001-nji ýylda harby gullugy tamamlanandan soňra, Mary welaýatynyň maşyngurluşyk zawodynda inžener-tehnolog, inžener-metalist wezipelerinde hem-de 2002-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynda dürli wezipelerde işledi.
Çykyş edenler dalaşgäriň ýokary guramaçylyk başlangyçlaryny we hünär derejesini, işde toplan baý tejribesini, nusgalyk maşgalabaşy hökmünde mynasyp şahsy häsiýetlerini aýratyn bellediler.
Ýygnaga gatnaşyjylar Kakageldi Saryýewiň energetika ylmyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek saýlawlarynda onuň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere hödürlenilmegini goldadylar.
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi toparlarynyň öz dalaşgärlerini hödürlemegine garaşylýar.


şu gün 00:06
8.6k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

düýn 23:49
6.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

düýn 16:36
10k+

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Şu gün irden geçirilen dabaraly çäre barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär....

düýn 16:26
5.6k+

«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär....