«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

  • 17.04.2026 16:26
  • 7.1k+

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Çärä döwlet düzümleriniň we nebit-gaz kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdy. Duşuşykda bilelikdäki işleriň netijeleri we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy.

Gaz pudagynyň iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň esasy ugry bolup galýandygy bellenildi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we «Galkynyş» käniniň özleşdirilmegi uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde görülýär.

Hytaý tarapynyň wekili — Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan Türkmenistanyň tebigy gazy ibermekde ygtybarly hyzmatdaşdygyny, energetika hyzmatdaşlygynyň bolsa ynam we özara bähbit esasynda gurulýandygyny nygtady. Hytaý tarapy tejribe alyşmaga, şol sanda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildirdi.

CNPC kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilelikdäki taslamalaryň sebitiň energetika durnuklylygy üçin ähmiýetini we olary giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini belledi.

Forumyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň çäklerinde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we degişli ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekildi.

Maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdirildi. Onda maýa goýumlar, eksport düzümi, gazhimiýa, hünärmenleri taýýarlamak we ekologiýa standartlary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......