Türkmenistan 2021-nji ýylda Gruziýa nebit we nebit önümlerini ibermekde öňdeligi saklady

  • 19.02.2022 09:02
  • 5633
Türkmenistan 2021-nji ýylda Gruziýa nebit we nebit önümlerini ibermekde öňdeligi saklady

2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistandan Gruziýa eksport edilen nebit we nebit önümleriniň bahasy 191,8 million dollara barabar bolup, ol geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 186,2 göterim köpdür. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Iberilen serişdeleriň möçberi mukdar bahada 103,1 göterim ýokarlanyp, 149 müň 711 tonnadan 304 müň 193 tonna çenli baryp ýetdi. Eksportyň artdyrylmagy bilen, Türkmenistan Gruziýa nebit we nebit önümlerini ibermekde öňdeligi saklady. Bu görkezijide Russiýa (134,6 million dollar) we Rumyniýa (133,7 million dollar) ikinji hem-de üçünji orunlary paýlaşýar.


düýn 15:07
4105

Iýunda Arkadag şäherinde TESC-2024 halkara maslahaty geçiriler

5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde “Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahat (TESC 2024) geçiriler. Häzirki wagtda maslahaty...

08.05.2024 14:45
11841

GPP: Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýada lider

Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýada öňdeligi eýeleýär. Muňa Global Petrol Prices (GPP) portalynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. 2024-nji ýylyň 6-njy maýyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda...

06.05.2024 22:45
6027

Saudi Aramco Aziýa üçin nebit bahasyny ýokarlandyrdy

Saud Arabystanynyň döwlet nebit kompaniýasy Saudi Aramco Aziýadaky müşderiler üçin nebitiniň iýun aýyndaky satuw bahalaryny ýokarlandyrdy. Bu barada Bloomberg-e salgylanyp, TASS habar berýär. Maglumatlara görä...

25.04.2024 22:32
3010

TEIF 2024: Parižde Türkmenistanyň göçme halkara maýa goýum forumy tamamlandy

Şu gün, 25-nji aprelde Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynyň (TEIF 2024) ikinji – jemleýji güni öz işini tamamlady. Bu gün iki sany sessiýa...