DIM: Türkmenistan "kynçylykly gonan" Eýranyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemäge ýardam etmäge taýýar

  • 20.05.2024 09:30
  • 31k+
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň Prezidentiniň dikuçarynyň "kynçylykly gonmagy" bilen bagly gözleg işlerine ýardam bermäge taýýarlygy barada beýanat çykardy.

Degişli beýanat Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

"Türkmenistan Eýrana Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçaryň «kynçylykly gonmagy» sebäpli zerur bolan kömegi bermäge taýýar" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Türkmenistan bortunda Prezident Ebrahim Raisi we beýleki ýokary wezipeli resmi adamlar bolan dikuçaryň Eýranda "kynçylykly gonmagy" bilen bagly habary çuňňur aladalanma bilen kabul etdi.
Türkmenistan goňşy döwletiň doganlyk halkyna zerur bolan ähli kömegi bermäge taýýar.
Türkmen tarapy ýagdaýlary üns bilen yzarlaýar we Yslam Respublikasynyň diplomatik gullugy bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar" - diýlip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
19-njy maýda bortunda Ebrahim Raisi bolan dikuçar kynçylykly gonuş etdi. Mälim bolmagyna görä, Eýranyň Prezidenti Azerbaýjandan dolanyp gelýän eken. Azerbaýjanda ol eýran-azerbaýjan serhedinde Aras derýasynda bendiň açylyşyna gatnaşypdyr.
Prezidentiň dikuçar kerweninde üç sany dikuçar bolupdyr. Tasnim gullugynyň habar bermegine görä, beýleki iki dikuçarda energetika ministri we ýol we şäher gurluşyk ministrleri bolupdyr. Beýleki iki dikuçar barmaly nokadyna üstünlikli barypdyr.
20-nji maýda irden Prezidentiň dikuçarynyň tapylandygy habar berildi. Bu barada 5:45-de (Aşgabat wagty bilen 7:15-de) Press TV teleýaýlymynyň Telegram-kanalynda Eýranyň Gyzylýarym Aý jemgyýetine salgylanyp habar berildi. Dikuçaryň tapylandygyny Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýörite bölümi hem tassyklady.

«Halas ediş toparlary Prezident Raisiniň dikuçaryny tanamagy başardylar, ähli güýçler şol ýere gönükdirildi" - diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.

Ýurduň içeri işler ministri "kynçylykly gonuşyň" duman we ýaramaz howa şertleri sebäpli bolandygyny habar berdi. Howa gämisiniň gözleg işlerini azyndan 40 topar alyp barýar.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....