Iýunda Arkadag şäherinde TESC-2024 halkara maslahaty geçiriler

  • 10.05.2024 15:07
  • 5.9k+

5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde “Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahat (TESC 2024) geçiriler. Häzirki wagtda maslahaty gatnaşyjylary hasaba almaklyk başlandy. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär.

Maslahatyň guramaçylary bolup “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Turkmen Forum we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Duşuşygyň dowamynda esasy üns uglewodorodlary işläp taýýarlamaklyga we energetiki geçişde daşky gurşawa zyňyndylary azaltmaklyga gönükdiriler.
Maslahaty geçirmegiň maksady türkmen döwlet edaralary bilen işi daşky gurşawy goramaga we ýaşyl geljege gönükdirilen iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, akademiki jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekden ybarat.
Maslahatlaşmak üçin esasy mowzuklaryň hatarynda şular bolar:

  • • Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda energetika geljegi, täze tehnologiýalar we ekologiýa jähtleri;
  • • Täze tehnologiýalar we energetiki geçiş: geljege garaýyş;
  • • Uglewodorodlary çykarmakda metan we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak we monetizasiýa;
  • • Ekologiýa maliýeleşdirmesiniň täze mümkinçilikleri we arassa energetikany ilerletmek.

Maslahata gatnaşjak belli kompaniýalaryň hatarynda CNPC, BP, ExxonMobil, Petronas, ADNOC, Mitro International, Buried Hill, NAPECO, Dragon Oil, ENI, Lukoýl; halkara guramalardan Halkara energetika agentligi (IRENA), Ählumumy gaz merkezi, Gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumy, Inžener-nebitçileriň jemgyýeti, Energetika Hartiýasynyň Sekretarlygy bar.
Maslahat däp bolan görnüşde bolşy ýaly, onlaýn formatda hem geçiriler. Aşgabada geljek ähli wekillere wiza goldawy berler.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...