GPP: Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýada lider

  • 08.05.2024 14:45
  • 13k+

Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýada öňdeligi eýeleýär. Muňa Global Petrol Prices (GPP) portalynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

2024-nji ýylyň 6-njy maýyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bir litriniň bahasy 0,28 dollar. Bu görkeziji bilen Türkmenistan nebit önümleriniň şu görnüşiniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda dünýäde ýedinji orunda ýerleşýär.
Sebitde dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça ikinji orunda Gazagystan ýerleşýär (1 litr - 0,66 dollar). Ondan soňra Gyrgyzystan (0,82 dollar) we Özbegistan (0,97 dollar) gelýär.
Dünýä boýunça dizel ýangyjynyň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji üçlügine Wenesuela (resmi kurs boýunça 1 litriniň bahasy 0,004 dollar), Eýran (0,006 dollar) we Liwiýa (0,031 dollar) girýär. Iň gymmat dizel ýangyjy Gonkongda satylýar (3,05 dollar).


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......