Türkiýäniň energetika ministri: «Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden türkmen gazyny geçirmegi ylalaşdyk»

  • 17.05.2024 14:05
  • 8.3k+

14-nji maýda Stambulda Tebigy gaz ulgamynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Degişli resminama Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mihail Jabbarowyň duşuşygynyň jemi boýunça gol çekildi diýip, Nebit-Gaz gazeti TRT türk ýaýlymyna salgylanyp habar berýär.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Baýraktar metbugat maslahatynda çykyşynda gol çekilen resminamada Azerbaýjandan we Hazar sebitinden Türkiýä, şeýle hem Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa goşmaça gaz möçberlerini ibermegiň göz öňünde tutulandygyny belledi.

“Mundan başga-da, biz Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä ibermegi ylalaşdyk” – diýip, ministr belledi.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...