Günorta Koreýada onunjy gezek 1,5 sagatlap hereketsiz oturmak boýunça ýaryş geçirildi

  • 21.05.2024 15:32
  • 22k+

Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda bir ýarym sagat hereketsiz oturmak boýunça ýaryş geçirildi. Adamlar rahatlygy saklamak başarnygy boýunça öz aralarynda ýaryşdylar. Bu barada CNN habar berýär.

Ýaryşa dört müň isleg bildirýänden 117 adam gatnaşdy.

“Ýoga üçin düşekçede oturyp, koreýalylar daşarky faktorlardan ünsi sowup, uklaman, telefony barlaman, gürleşmän oturmalydy. Olara ýürek ýygrylmasynyň ýygylygyna gözegçilik etmek üçin ýörite gurluşlar berkidildi. Hut şeýle etmek bilen bäsleşigiň guramaçylary iň rahat gatnaşyjyny kesgitlediler” – diýip, neşir belleýär.

Bu çäre Koreýanyň jemgyýeti üçin möhüm hasaplanýar, sebäbi bäsleşigiň maksady diňe bir fiziki synag däl-de, eýsem, wagtlaýyn dynç alyş ýerini döretmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň ýeňijisi 35 ýaşly Kwon So-A atly aýal boldy. Ol fransiýaly hudožnik Ogýust Rodeniň “Pikirlenýän adam” heýkeliniň şekilindäki baýrak bilen sylaglandy.
Gatnaşyjylaryň arasynda iş sebäpli ýüze çykýan dartgynlylykdan we emosional argynlykdan saplanmagyň ýoluny gözlän buzda tizlikli ylgaw boýunça iki gezek Olimpiýa çempiony Kwak Ýun Giniň hem bolandygy bellenilýär. Ol üçünji orny eýeledi.
Rahatlygy saklamak başarnygy boýunça ýaryş eýýäm onunjy gezek geçirildi. Onuň esaslandyryjysy Woopsyang lakamly zenan suratkeş boldy. Aýalyň özi düýpli emosional argynlygy başdan geçirenden soň, şeýle çäräni döretmek kararyna geldi.


13.05.2026 12:16
3.9k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

09.05.2026 08:01
5.6k+

Seulda günortanky uky boýunça ýaryş geçirildi

Seulda adamlaryň ukusyzlyk meselesine üns çekmek maksady bilen, gysga wagtlyk gündizki uky boýunça ýaryş geçirildi....

13.04.2026 15:19
3.2k+

Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär....

10.04.2026 16:58
3.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Seulda türkmen talyplary bilen duşuşdy

7-nji aprelde Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary......