Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlary hakyky adamlar ýaly gorap başlady

  • 24.06.2025 19:05
  • 6.7k+

Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlara atylan töhmeti olaryň eýeleriniň mertebesine zyýan ýetirmek bilen deňeşdirdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär.

Kazyýet işi Plave wirtual K-pop toparynyň agzalary tarapyndan öňe sürüldi. Topar hereketi tutuş tehnologiýasynyň kömegi bilen döredilen we hakyky adamlar tarapyndan ses berlen bäş sanly awatardan ybarat.
Geçen ýylyň iýul aýynda sosial ulgamlary ulanyjylaryň biri Plave-i kemsidiji teswirler, şol sanda gödek sözler bilen wideo paýlaşdy. Soňra ol akkaunty bozdy, ýöne topar ýitginiň öwezini dolmak barada raýat arzasyny berdi.
Kazyýet hem şikaýatçylaryň tarapynda durdy. Çözgütde şeýle teswirleriň şekile däl-de, olaryň arkasynda duran adamlara gönükdirilendigi aýdylýar.

“Häzirkizaman metaälemi döwründe awataryň diňe bir wirtual şekil däl-de, özüňi, öz şahsyýetiňi görkezmegiň, sosial aragatnaşygyň serişdesi bolandygy üçin, awatary garalamak hakyky ulanyjynyň mertebesine zyýan ýetirmek ýalydyr” – diýip, kazy Çan Ýu Jin belledi.

Günäkär 100 müň wona (72 müň ABŞ dollaryndan gowrak) möçberde töleg tölemäge borçlandy.
Çözgüt uly çekeleşik döretdi. Vlast-yň hukuk bölüminiň müdiri No Hen Bo ony Günorta Koreýada wirtual kontent pudagy üçin “özgeriş pursaty” diýip atlandyrdy.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....