Samsung kosmosa dyzaýar: kompaniýa raketa uçurmak üçin öz meýdançasyny gurar

  • 24.05.2025 12:41
  • 3.1k+

Samsung Group kosmos infrastrukturasy pudagyna ornaşyp başlady. The Korea Economic Daily-nyň habar bermegine görä, Samsung C&T Corp. “kosmos zawody” taslamasyny işläp taýýarlaýar, ol raketalar üçin uçuş meýdançasyny öz içine alar.

Kompaniýa Seul milli uniwersitetiniň aerokosmos inženerligi kafedrasy bilen ylmy-gözleg merkezini döretmek barada gepleşikleri alyp barýar. Bu Samsung Electronics-iň gözleg bölümçesiniň ilkinji gezek kosmos pudagynda hünärmenleri işe alanyndan soňky ädimdir.
7-nji maýda Samsung Koreýanyň astronomiýa we kosmos ylymlary instituty bilen şertnama baglaşdy. Taslamanyň çäklerinde kompaniýa NASA-nyň Artemis II missiýasynyň düzüminde kosmosa iberiljek K-Rad Cube kubsaty üçin enjam işläp taýýarlar. Insitutyň beýanynda bellenilişi ýaly, “Samsung Electronics beýik orbitada güýçli radiasiýa şertlerinde özüniň indiki nesil ýarymgeçirijilerini barlar”.
Munuň bilen ugurdaş Günorta Koreýanyň häkimiýetleri kosmos ýarymgeçirijileriniň bäş görnüşiniň, şol sanda giroskoplaryň we mikrotolkun shemalarynyň önümçiligini ýerli etmek meýilnamalary barada habar berdi.
Analitikler Günorta Koreýanyň dünýäniň öňdebaryjy kosmos güýçleriniň bäşligine girip biljekdigini çaklaýar. Şol bir wagtyň özünde, Günorta Koreýa raketalar üçin uçuş meýdançalarynyň bazarynda lider bolmaga çalyşýan ýeke-täk ýurt däl. Taýwan we  Beýik Britaniýa eýýäm şeýle meýdançalary gurýar. Ýanwar aýynda bolsa Şwesiýa kiçiräk raketalary uçurmak üçin Esrange Space Center toplumyny açdy.
Seraphim Space maýa goýum firmasynyň çaklamalaryna görä, dünýäniň kosmos bazary geljek on ýylyň dowamynda 1 trln dollara ýeter. 


15.06.2026 19:47
3.3k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......