Günorta Koreýada täsin elektrowelosiped - Kosmos F5 tanyşdyryldy

  • 23.04.2025 16:32
  • 14k+

Günorta Koreýaly Kosmos startapy öňdäki tigiri spitsasyz bolan F5 model elektrowelosipedini hödürledi. Elektrowelosipediň agramy 22 kilogram, ony bary-ýogy 10 sekundyň dowamynda aňsatlyk bilen ikä epläp, ýygnap bolýar. Bu aýratynlyk welosipedi saklamagy we daşamagy aňsatlaşdyrýar. Bu barada «New Atlas» neşiri habar berýär.

Startapyň wekiliniň sözlerine görä, tigirde spitsalaryň bolmazlygy onuň agramyny hem-de howa garşylygyny azaldýar. Munuň netijesinde, welosiped has akgynly hereket edýär. Model 750 wattlyk hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan we tizligi sagatda 32 kilometre çenli ýetýär. Welosipediň gurluşynda tizligi ýuwaşlyk bilen üýtgetmäge mümkinçilik berýän merkezi geçiriji ulgam bar.
Welosiped deşilmelere garşy berk goragly tigirler, öňde V görnüşli tormoz, yzda disk tormozy, şeýle-de rulynda ýerli displeý bilen üpjün edilen.
Kosmos F5 üçin öňünden sargytlar eýýäm açyldy. Häzirki wagtda onuň bahasy 1500 dollar, emma resmi satuw başlanansoň, bahasy 3500 dollara çenli ýokarlanar.


düýn 19:47
2.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....