Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, duýgudaşlyk bildirdi

  • 21.05.2024 23:59
  • 34k+

21-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň paýtagtymyzdaky ilçihanasynda goňşy ýurduň  Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani  bilen gürrüňdeş bolup, goňşy halklar üçin şeýle agyr pursatlarda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi baradaky habaryň çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edilendigini aýdyp, “bu pajygaly heläkçilikde goňşy  ýurduň ýolbaşçysy, meniň gadyrly doganym Seýed Ebrahim Raisiniň aradan çykandygyny” belledi.

“Seýed Ebrahim Raisi görnükli syýasatçy we parasatly döwlet işgäri bolmak bilen, öz halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi. Ol türkmen-eýran dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ägirt uly şahsy goşandyny goşdy.

Onuň biwagt aradan çykmagy bilen, Siziň ýurduňyz Watanyna hyzmat eden wepaly ogluny, Türkmenistan bolsa, hakyky dostuny ýitirdi” diýip bellemek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow şol dikuçarda Seýed Ebrahim Raisiniň ýanynda bolan ýokary wezipeli  wekiliýet agzalarynyň hem wepat bolmagynyň has-da gynandyryjydygyny aýtdy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-eýran mizemez dost-doganlygynyň nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça daşary işler ministri Raşid Meredow hem Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi we daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahianyň hem-de beýleki resmi adamlaryň dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy zerarly geçirilen ýas çäresine gatnaşdy.
Ilçihananyň kabul edişlik zalynda Raşid Meredow ilçihanada döredilen Hatyra kitabynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ýazgy galdyryp, onda aradan çykanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem tutuş Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......