Türkmenistan Eýranyň Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly ýurduň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 20.05.2024 13:02
  • 58k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly Eýranyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Heläkçilikli hadysa 19-njy maýda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçdi.
Mehr agentliginiň habar bermegine görä, Ebrahim Raisi, DIM-niň ýolbaşçysy Hoseýn Amir Abdollahian we Azerbaýjana sapar bilen baran wekiliýetiň beýleki agzalary yzyna dolanyp gelýän wagtlary ýurduň demirgazyk-günbatarynda daglyk ýerlerde dikuçar heläkçiligine uçrapdyrlar.
Ýurduň Prezidentinden we DIM-niň ýolbaşçysyndan başga-da, şol dikuçarda Tebriziň ymamy Mohammad Ali al-Haşem, Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň ýolbaşçysy Malek Rahmati, uçaryň ekipažy we bir sany goragçy bar eken.
Maglumaty Eýranyň wise-prezidenti Mohsen Mansuri tassyklady.
Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, Raisi aradan çykandan soň Eýranyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýurduň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber ýerine ýetirer. Ol Parlamentiň ýolbaşçysy we Eýranyň kazyýet häkimiýetiniň ýolbaşçysy bilen bilelikde täze prezident saýlawlaryny geçirjek geňeşiň düzümine girdi. Nobatdan daşary saýlawlar Raisi aradan çykandan soňky 50 günüň içinde geçiriler.


şu gün 00:03
1.6k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.3k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......