Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (14.02 — 20.02)

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (14.02 — 20.02)

Geçen hepde bilen deňeşdirilende, şu hepdede Türkmenistanyň sebitleriniň aglabasynda howanyň temperaturasynyň aşak bolmagyna garaşylýar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbede 1 mm-e çenli ygalyň düşmegine, howanyň maksimal temperaturasynyň +6 gradus bolmagyna garaşylýar. Sişenbeden anna gününe çenli termometriň görkezijileri +9 — +8 gradus aralygynda bolar. Dynç günleri howanyň temperaturasynyň şenbede +16 gradusa we ýekşenbede +14 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Balkan welaýatynda hepdäniň birinji gününde +7 gradus bolar. Sişenbeden anna güni aralygynda +10 gradus bolup, az bulutly howa bolar. Dynç günleri az-kem ýagyş ýagyp (1,4 mm-e çenli), şenbede +12 gradus we ýekşenbede +16 gradus maýyl bolar. Şeýle hem dynç günlerinde tizligi sekuntda 16 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda duşenbeden penşenbe aralygynda gündizki maksimal temperaturanyň +6 gradus bolmagyna garaşylýar. Dynç günlerinde +11 gradusa çenli maýyl bolar.

Mary welaýatynda duşenbeden penşenbe aralygynda termometriň görkezijileri +8 gradus bolar. Anna güni +10 gradusa çenli maýlar. Şenbede +16 gradus, ýekşenbede +15 gradus maýyl bolar.

Lebap welaýatynda duşenbede +8 gradus bolar. Sişenbe güni +6 gradusa düşüp, çarşenbede ýene-de +8 gradusa ýeter. Penşenbede +9 gradus bolar. Anna güni howanyň temperaturasynyň +12 gradusa ýetmegine garaşylýar. Şenbe güni az-kem ýagyş ýagmagy ahmal, howanyň temperaturasy +15 gradus bolar. Ýekşenbede açyk howa bolup, +14 gradus bolar.