Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa ugradyljak möçberi kesgitlener

  • 06.02.2022 12:19
  • 5548
Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa ugradyljak möçberi kesgitlener

5-nji fewralda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. 

Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapynyň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy. Türkmen Lideri bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna ugradylmagy meýilleşdirilýän möçberlerini kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady. 

Şeýle-de döwlet Baştutany “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň seljerilmelidigini aýtdy. Ol 4-nji şaha boýunça Hytaýa tebigy gazy ibermek üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir. "Biziň hünärmenlerimiziň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhananyň, kompressor stansiýalarynyň, “Galkynyş” gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwletiň çägine çenli gaz geçirijisini gurmak baradaky meseleler boýunça gepleşikleri geçirjekdigine ynanýaryn" diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 


10.05.2024 15:07
5249

Iýunda Arkadag şäherinde TESC-2024 halkara maslahaty geçiriler

5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde “Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahat (TESC 2024) geçiriler. Häzirki wagtda maslahaty...

08.05.2024 15:30
16473

BAE-niň demirgazygynda Şarjada iri gaz käniniň üsti açyldy

BAE-niň demirgazygynda Şarja emirliginde tebigy gazyň "geljegi uly gorlary" ýüze çykaryldy. Hadiba täze gaz käni Sharjah National Oil Corporation (SNOC) tarapyndan geçirilen gözleg işleriniň netijesinde tapyldy...

08.05.2024 14:45
12424

GPP: Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýada lider

Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýada öňdeligi eýeleýär. Muňa Global Petrol Prices (GPP) portalynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. 2024-nji ýylyň 6-njy maýyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda...

25.04.2024 22:32
3031

TEIF 2024: Parižde Türkmenistanyň göçme halkara maýa goýum forumy tamamlandy

Şu gün, 25-nji aprelde Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynyň (TEIF 2024) ikinji – jemleýji güni öz işini tamamlady. Bu gün iki sany sessiýa...