Berdimuhamedow türkmenistanlylary dutarçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi bilen gutlady

  • 01.02.2022 10:14
  • 4.7k+

30-njy ýanwarda ýurdumyza Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakyndaky degişli güwänama gelip gowuşdy. Bu barada 31-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda habar berildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly waka mynasybetli türkmen halkyna Gutlag iberdi.

«Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekanydyr. Dutar ýasamak senetçiligini sungat derejesine ýetiren halkymyzyň dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda orun aldy. Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine, merdana ata-babalarymyzyň ruhy syrdaşyna öwrüldi. Babagammar we Aşyk Aýdyň ýaly ussatlaryň yhlasyndan, pähim-paýhasyndan dörän dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesillerden-nesillere geçirilip, yzygiderli kämilleşdirilip gelindi» diýlip, türkmen Lideriniň Gutlagynda nygtalýar.

Hatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Gulgeldi ussa, Kel bagşy, Hally bagşy, Sary bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Oraz salyr, Garadäli gökleň, Çowdur bagşy, Nurberdi Gulow, Aşyrmämmet Dawudow, Soltan Atanepesow, Pälwan bagşy, Öre şyh, Palta bagşy, Baýar bagşy, Nazar baga, Magtymguly Garlyýew, Bazar bagşy, Öwezmyrat bagşy, Juma Wellekow, Mustak Aýmedow, Nobat bagşy, Garly bagşy, Ödenyýaz Nobatow, Girman bagşy, Gurt Ýakubow we başga-da ençeme meşhur bagşy-sazandalarymyzyň türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşandygyny nygtamak bilen, «Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek möhüm wezipeleriň biridir» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.


şu gün 11:16
475

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 16:11
1.5k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

düýn 14:36
2.4k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

düýn 14:04
2.3k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......