Ýewropa Bileleşiginiň Kabuldaky wekilhanasy işläp başlady

  • 21.01.2022 18:35
  • 4.1k+

Ýewropa Bileleşigi Owganystanda hemişelik hereket etmegini resmi taýdan gaýtadan dikeldip, Kabuldaky wekilhanasyny açdy. Bu barada 1TV owgan teleýaýlymy Owganystanyň DIM-niň metbugat kätibi Abdula Kahara Balhiniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

18-nji ýanwarda ÝB Owganystanyň ilatynyň durmuş taýdan zerurlyklary üçin 268,3 mln ýewro möçberlik taslamalary işe girizendigini yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde serişdeler ýurduň häkimiýetlerine däl-de, ýurduň ilaty bilen gönüden-göni iş alyp barýan BMG-niň edaralarynyň üsti bilen ýetirilýär.
2021-nji ýylyň awgustynda «Taliban» hereketiniň häkimiýete geçmegi bilen Owganystanda köp sanly daşary ýurt wekilhanalary ýapyldy.


09.04.2026 23:46
2.7k+

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....

09.04.2026 11:48
3.9k+

Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy....

06.04.2026 23:45
5.6k+

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....

27.03.2026 20:08
2.1k+

Türkmenistan we ÝB işewürlik forumynda maýa goýumlary hem-de söwdany maslahatlaşdy

26-njy martda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan «Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze......