Londonda COVID-19-yň omikron ştammy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

  • 23.12.2021 18:27
  • 9.2k+

Londonyň hökümeti COVID-19-yň omikron ştammynyň ýaýramagy zerarly adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Muny Angliýanyň Saglyk ministri Sajid Jawide salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Sajid Jawid Angliýada soňky bir günüň içinde omikron ştammy ýokuşan 10 müňden gowrak täze hassanyň hasaba alnandygyny aýtdy. Munuň özi öňküsinden üç esse köpdür. Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy omikron ştammynyň ýurtda barha köpelýändigini, onuň COVID-19 ýokuşmalarynyň, takmynan, 60 göterimini tutýandygyny aýtdy.

Çeşmäniň habaryna görä, Angliýanyň hökümetinde täze, has berk koronawirusa garşy çäklendirmeler ara alnyp maslahatlaşylýar. Edil häzirki ýagdaýda bolsa, baýramçylyk günlerinde lokdaun girizmek meýilleşdirilýär.


düýn 23:53
1.9k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......