Raşid Meredow «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň mejlisine gatnaşdy

  • 20.12.2021 18:33
  • 2.1k+

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Delide geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň ministrler derejesindäki üçünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow Merkezi Aziýa döwletleriniň Hindistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara hereketleriniň sazlaşykly ösdürilýändigini belledi.

Ministrler Owganystandaky ýagdaýlar boýunça hem pikir alyşdylar we ýurduň parahatçylykly, howpsuz hem-de durnukly ösüşini goldaýandyklaryny nygtamak bilen, bu ugurda onuň özbaşdaklygyna, jebisligine we territorial bitewüligine hem-de döwletiň içerki işlerine gatyşylmazlygyna hormat goýýandyklaryny belläp geçdiler.

Forumyň barşynda bilim we ylym, saglygy goraýyş hem-de lukmançylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi. COVID-19 ýaýramagynyň öňüni almak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 


şu gün 01:20
1.1k+

Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň...

düýn 11:38
1.9k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

düýn 10:12
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

düýn 10:01
4.4k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...