15-nji dekabrda Türkmenistanda garaşylýan howanyň ýagdaýy

15-nji dekabrda Türkmenistanda garaşylýan howanyň ýagdaýy

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 15-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +5... +7° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarynda +5... +10° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 760 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Awazada: howa +7... +9°, basyşy 769 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Balkanabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 770 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +4... +9° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 746 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Tejen şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 759 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -5° sowuk, gündizine +3... +8° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 756 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Baýramaly şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 755 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -6° sowuk, gündizine +2... +7° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 758 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Kerki şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 753 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -5° sowuk, gündizine +1... +6° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +2... +4°, basyşy 769 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Köneürgenç şäherinde: howa +1... +3°, basyşy 771 mm, çyglylygy 60 — 80%.