Daşkentde «Italiýa — Merkezi Aziýa» düzüminde ministrler maslahaty geçirildi

  • 08.12.2021 23:58
  • 3.4k+

8-nji dekabrda Daşkent şäherinde «Italiýa — Merkezi Aziýa» düzüminde ikinji ministrler maslahaty geçirildi.

Gibrid görnüşde geçirilen çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.  
Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri, şol sanda syýasat, ykdysadyýet, energetika, ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň sanly wideoýüzlenmesinde ýurtlarymyzyň dünýä syýasatynyň iň wajyp meseleleri boýunça pikirleriniň köplenç halatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini, hem-de emele gelen köptaraplaýyn dialogyň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen bolup, parahatsöýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýändigini belledi.
Maslahatyň çäklerinde «Italiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri» atly tegelek stol hem gurnaldy. 


şu gün 01:20
2.2k+

Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň...

düýn 11:38
1.9k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

düýn 10:12
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

düýn 10:01
4.4k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...