27-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde boljak howa maglumaty

27-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde boljak howa maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 27-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 747 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +9... +14°, kenarýaka etraplarynda +6... +11° maýyl bolar.
rkmenbaşy şäherindehowa +9... +11°, basyşy 758 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Awazada: howa +8... +10°, basyşy 766 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Balkanabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 765 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +9... +14°, günorta-gündogar etraplarynda +17° çenli maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 739 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Tejen şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 748 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +10... +15° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 747 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Baýramaly şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 746 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 750 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Kerki şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 745 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -5° sowuk, gündizine +2... +7° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 761 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Köneürgenç şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 763 mm, çyglylygy 40 — 60%.