Amerikaly alymlar süňke kompýuter ornaşdyrmagy öwrendiler

  • 24.11.2021 14:50
  • 12k+

Arizona uniwersitetiniň alymlary süňke ornaşdyrmak üçin çip işläp düzdüler. Bu baradaky makala “Nature Communications” žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

“Hirurg hökmünde men süňk dokumasynyň üstünde elektronikanyň kömegi bilen alnan ölçegleri ulanmak mümkinçiliginiň bardygyna begenýärin. Geljekde bu hassalara şikeslerden soň reabilitasiýany we funksiýalary dikeldiş işlerini çaltlaşdyrmak üçin indiwiduallaşdyrylan ortopedik kömegini bermäge mümkinçilik berer” – diýip, gözlegleriň awtordaşy Dewid Margolis aýdýar.

Osteoporoz we beýleki keseller sebäpli gowşan süňkleriň döwüklerini bejermek örän kyn we adamlar şol sebäpli hassahanada köp wagt geçirýärler. Alymlar “süňkdäki kompýuter” dürli elektron gözleg enjamlaryny döretmek üçin tehnologiki platforma bolup hyzmat eder diýip hasaplaýarlar. Süňküň näderejede çalt we gowy bejerilýändigini bilmek bejergini dowam etdirmek barada, mysal üçin, süňkleri bitişdirmek üçin ulanylýan plastinalary, sterženleri we nurbatlary haçan aýyrmalydygy barada netijä gelmäge kömek eder.

Bu çibiň esasy artykmaçlyklarynyň biri onuň galyňlygynyň inçe bolmagydyr, sebäbi myşsalaryň süňke ýakyn bolandygy üçin, çykyp duran elementleriň zaýalanmagy mümkin. Mundan başga-da, çip simsiz elektrik geçirijisiniň kömegi bilen iýmitlenýändigi sebäpli akkumulýator talap etmeýär. 

Bu çibi döretmekde gözlegçileriň ýüzbe-ýüz bolan esasy kynçylygy süňküň ýüzüniň yzygiderli täzelenmegidir. Eger oňa haýsydyr bir zady ýönekeý ýelmeseň, ol birnäçe aýdan aýrylar. Şonuň üçin awtorlar kalsiý bölejikleri bolan we süňk ýaly gurluşly ýörite materialy döretdiler. Netijede, süňk implanty öz bölegi diýip “hasaplaýar” we onuň arasyndan ösýär.

Häzir gözlegçiler gurluşy adamlarda barlamak mümkinçiligine garaşýarlar.


düýn 23:49
302

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.1k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
6.1k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

28.05.2026 23:53
5.9k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....