Neuralink-iň çibi oturdylan meýletinçi bir hepdede pikiriň güýji bilen wideo oýun oýnamagy öwrendi

  • 22.06.2025 18:06
  • 7.8k+

ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň ýaşaýjysy Rob Greýner Neuralink kompaniýasynyň neýroçibi oturdylan altynjy meýletinçi boldy. 2022-nji ýylyň dekabryndaky awtoulag heläkçiliginden soň ysmaz bolan erkek adam indi ekrandaky kursory elleriniň kömegi bolmazdan, diňe pikir güýji arkaly dolandyryp bilýär.

Neýroimplant Greýnere 2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda oturdyldy. Operasiýa üstünlikli geçdi we bary-ýogy bir hepde soň onuň kompýutere elini degirmän, diňe pikiri arkaly wideooýunlaryny oýnaýandygyny görkezýän wideoýazgy peýda boldy. Wideoda Greýneriň noutbugyň öňünde oturandygy we diňe pikiriniň kömegi bilen kursory ekranda hereket etdirýändigi aýdyň görünýär.

«Neuralink bilen diňe bir hepdede nämeleri etmegi başarandygym haýran galdyryjy!» — diýip, ol X sosial torunda ýazdy. Greýner hiç hili goşmaça kömekçi tehnologiýany, şol sanda göz yzarlaýjy ulgamlary hem ulanmaýandygyny, diňe çipden we noutbukdan peýdalanýandygyny belledi.

Neuralink tehnologiýasy beýniniň elektrik impulslaryny daşarky enjamlar üçin buýruklara öwürýär. Ilon Maskyň kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen interfeýs daşyndan görünmeýär we kompýuteri ýa-da smartfony dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Synaglaryň ilkinji gatnaşyjysy 2024-nji ýylyň ýanwarynda Arizona ştatyndan Noland Arbo boldy, ol hem ýol-ulag hadysasyndan ysmaz bolupdy. Häzir Arbo diňe bir kompýuteri dolandyrmagy däl, eýsem, okamagy, küşt oýnamagy we onlaýn oýunlarda bäsleşmegi hem başarýar.
Neuralink häzirki wagtda kwadriplegiýasy (el-aýagyň (dört synanyň) we göwräniň bölekleýin ýa-da doly işlemeýän agyr ýagdaýy) bolan meýletinçileri nobatdaky kliniki synaglara gatnaşmaga çagyrýar. Şeýle hem Ilon Mask geljek ýyl «Blindsight» atly çibiň synaglaryna başlajakdyklaryny habar berdi – bu tehnologiýa bütinleý kör adamlaryň görüş ukybyny gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berer.


09.06.2026 23:04
2.4k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.1k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......