Amerikan restoranynda azatmahynyň emeli eti hödürlenip başlandy

  • 12.06.2025 12:26
  • 8.6k+

ABŞ-nyň Azyk önümlerine we derman serişdelerine gözegçilik edarasy (FDA) Wildtype kompaniýasynyň barlaghanasy tarapyndan döredilen “ýabany azatmahynyň” (losos) emeli etiniň satuwyny tassyklady. Önüm howpsuz diýlip ykrar edildi we eýýäm Oregon ştatynyň Portlend şäherindäki Kann restoranynda myhmanlara hödürlenýär diýip, The Verge habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu önüm tagamy we omega-3-üň düzümi boýunça hakyky balykdan asla tapawutlanmaýar.
FDA Wildtype kompaniýasyna önümiň howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň ýokdugyny tassyklaýan haty iberdi. Bu hem barlaghanada ösdürilip ýetişdirilen azyk önümleri üçin barlagyň soňky tapgyry boldy. Wildtype Upside Foods, Good Meat (towuk eti) we Mission Barns (doňuz eti) kompaniýalaryndan soň şeýle tassyklamany alan dördünji kompaniýa boldy.
Wildtype bu tehnologiýany taýýarlamak üçin tas on ýyl sarp etdi. Kompaniýa Ýuwaş ummanyň azatmahysynyň öýjüklerini bioreaktorlarda ösdürip ýetişdirmek bilen, temperaturany, turşulygy we ýokumly maddalary gözegçilikde saklaýar. Soňra öýjükler balyk eti bilen meňzeş tagamy we gurluşy almak üçin ösümlik komponentleri bilen birleşdirilýär. Önüm hakyky azatmahydaky ýaly omega-3-üň we omega-6-nyň ýokary düzümini saklaýar.
Gaiti aşhana tagamlaryny hödürleýän Kann restorany emeli azatmahyny derrew menýu goşmak kararyna geldi. Wildtype eýýäm bäş restoranyň şeýle balyk etini satyn almak islegini kabul edip başlady.


20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.9k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
970

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......