24-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde boljak howa maglumaty

24-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde boljak howa maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 24-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Arçabildeüýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 713 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +15... +20°, kenarýaka etraplarda +9... +14° maýyl bolar.
rkmenbaşy şäherindehowa +12... +14°, basyşy 753 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Awazada: howa +11... +13°, basyşy 760 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Balkanabat şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 761 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +16... +21° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Tejen şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 746 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +15... +20° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +17... +19°, basyşy 743 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Baýramaly şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 742 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +13... +18° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 745 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Kerki şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 740 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +11... +16° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 755 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Köneürgenç şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 756 mm, çyglylygy 55 — 75%.