Apple 2025-nji ýyla çenli doly sürüjisiz elektromobili döretmegi maksat edinýär

Apple 2025-nji ýyla çenli doly sürüjisiz elektromobili döretmegi maksat edinýär

Apple kompaniýasy doly sürüjisiz elektromobili döretmek işini çaltlaşdyrmagy we 2025-nji ýyla çenli ony tamamlamagy maksat edinýär. Bu barada kompaniýadaky çeşmelere salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berdi. Muny TASS ýetirýär. 

Apple-iň hünärmenleri bu taslamanyň üstünde 2014-nji ýylda işläp başladylar we şu ýylyň başynda ony geljek 5-7 ýylda tamamlamagyň ähtimallygy barada aýtdylar. Ýöne kompaniýanyň inženerleri köp sanly çylşyrymly meseleleri çözmeli bolýarlar, şonuň üçin elektromobiliň çykaryljak senesi üýtgäp biler. 

Elektromobilde adaty rul we pedal bolmaz. Ýöne ony işläp düzüjileriň ýüzbe-ýüz bolýan esasy meseleleriniň biri elektromobiliň howpsuzlygydyr. Munuň üçin hereket howpsuzlygyny üpjün eder ýaly kömekçi mehanizmleriň çylşyrymly ulgamy işlenip düzülýär. 

Apple-iň wekili teswir bermekden saklandy diýip, Bloomberg belleýär.