Samsung kagyz ekranly mahabat tagtasyny çykardy. Ol elektrik çeşmesine birikdirilmezden işleýär

  • 11.06.2025 13:18
  • 4.5k+

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics tehnologiýa ägirdi Сolor E-Paper sanly mahabat tagtasynyň global satuwyna başlady. Enjam reňkli elektron syýa tehnologiýasynyň esasynda gurlan we hemişelik energiýa çeşmesi bolmazdan şekilleri görkezmäge ukyply.

Сolor E-Paper — 2560 × 1440 piksel durulykda we 16:9 gatnaşygynda işleýän 32 dýuýmlyk ekran. Onuň galyňlygy 8,6 mm, agramy bolsa 2,5 kg.
Ekran hereketsiz şekili görkezýärkä tok sarp etmeýär. Energiýa diňe şekili üýtgetmek üçin zerurdyr. Içine kiçijik aýrylýan batareýa oturdylýar, bu surat täzelenende ulanylýar. Şondan soň konstruksiýanyň agramyny azaltmak üçin ony aýyrsaň hem bolýar.
Enjam diwara gurnalyp, potolokdan asylyp ýa-da podstawka bilen polda oturdylyp bilner. Ony, mysal üçin, stol hökmünde dik gurnamak hem mümkin.
Сolor E-Paper USB-C porty bilen enjamlaşdyrylan, 8 Gb ýady bar, Wi-Fi-y we Bluetooth-y goldaýar. Enjam Samsung VXT programmasy arkaly dolandyrylýar (Android 10 we ondan ýokary, iOS 15 we ondan ýokary goldaýar).
Satuwy 8-nji iýunda başlandy. Model b2b işewürlik modeline görä paýlanýar.


28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......

24.05.2026 07:37
2.7k+

Barlag: Emeli aň sebäpli işgärleriň sanynyň azaldylmagy garaşylýan netijäni bermeýär

Emeli aň ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalar tehnologiýanyň hakyky peýda getirip-getirmejegine garamazdan, işgärlerini köplenç azaltmak bilen bolýarlar. Ýyllyk girdejisi 1 milliard dollardan geçýän......