Bütindünýä maýylganlygynyň tizligi 24 müň ýylda rekord derejä ýetdi

  • 17.11.2021 23:52
  • 10k+

Amerikaly alymlar topary bütindünýä maýylganlygynyň rekord tizligini hasaba aldy. Indi howanyň üýtgemegi 24 müň ýyl ozalkysyndan has çalt bolup geçýär. Bu barada Nature žurnalyna salgylanyp, riafan.ru habar berdi.

Arizona uniwersitetiniň barlagçylary Boulderdäki Milli atmosfera gözleg merkezinden, Waşington uniwersitetinden we Miçigan uniwersitetinden bolan kärdeşleri bilen bilelikde Ýeriň klimatyny täzeden öwrendiler. Bu baradaky ylmy iş Nature žurnalynda çap edildi.

"Bu rekonstruksiýa häzirki temperaturanyň 24,000 ýylda görlüp-eşidilmedik derejededigini we adamzat tarapyndan döredilen bütindünýä maýylganlygynyň derejesiniň şu wagta çenli görenlerimizden has ýokarydygyny göz öňünde tutýar" -diýip, Arizona uniwersitetiniň Ýer baradaky ylymlar kafedrasynyň dosenti Jessika Tirni belledi.

Klimaty öwrenijiler her 200 ýyldan bir gezek, umumylykda 24 müň ýylyň dowamynda temperaturanyň global üýtgemeleriniň kartalaryny düzýärler. Munuň üçin iki sany garaşsyz maglumat toplumy - deňiz çökündileriniň temperaturasy we klimatyň kompýuter modeli ulanylýar.


şu gün 06:43
1.3k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
557

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

11.05.2026 23:19
4.2k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....