16-njy noýabrda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howa bolar

16-njy noýabrda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howa bolar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 16-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metr, wagtal-wagtal 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 60 — 80 %.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 11 — 13 metr, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +12... +14° maýyl bolar. Howanyň basyşy 719 mm, çyglylygy 65 — 85 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 18 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +7... +12°, kenarýaka etraplarynda +5... +10° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 761 mm, çyglylygy 65 — 85 %.
Awazada: howa +7... +9°, basyşy 767 mm, çyglylygy 60 — 80 %.
Balkanabat şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 769 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +12... +17° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 748 mm, çyglylygy 65 — 85 %.
Tejen şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 752 mm, çyglylygy 60 — 80 %.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +13... +18° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 742 mm, çyglylygy 50 — 70 %.
Baýramaly şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +13... +18° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 742 mm, çyglylygy 45 — 65 %.
Kerki şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 737 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +5°, gündizine +6... +11° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 753 mm, çyglylygy 60 — 80 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 754 mm, çyglylygy 65 — 85 %.