BMG: 2021-nji ýyl iň yssy ýedi ýylyň biri bolup biler

  • 07.11.2021 09:50
  • 6.1k+

Soňky ýedi ýyl meteorologiki gözegçilikleriň taryhynda iň yssy ýyllar bolup biler. 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda dünýädäki temperatura 1850-1900-njy ýyllardaky ortaça temperaturadan 1,09 dereje ýokary boldy. Bu barada dw.com habar berdi.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) habaryna görä, 2015-2021-nji ýyllaryň aralygy klimat gözegçilikleriniň taryhynda iň yssy ýyllar bolup biler. Bug gazlarynyň zyňyndylarynyň netijesinde emele gelen global ýylylyk "häzirki we geljekki nesiller üçin uzak möhletli" howp döredýär diýlip, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň BMG-niň klimat boýunça boýunça 26-njy konferensiýasy (COP26) üçin ýaýradylan howanyň ýagdaýy baradaky deslapky hasabatynda aýdylýar. Planeta ozal görülmedik çäge aralaşýar diýip, resminamanyň awtorlary duýduryş berýärler.

BMG ýylyň ilkinji dokuz aýyndaky maglumatlara esaslanyp, 2021-nji ýylyň iň yssy ýyllaryň içinde bäşinji, altynjy ýa-da ýedinji ýyl bolmagynyň ähtimaldygyny habar berdi. Şu ýyl öňki ýyllara garanyňda birneme sowuk boldy, bu bolsa ýylyň başynda howanyň temperaturasynyň peselmegine sebäp bolan La-Ninýa tebigy hadysasynyň täsiri bilen hem düşündirilýär.


25.06.2026 19:11
5.6k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.4k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

18.06.2026 09:51
3k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......