5-nji noýabr: Balkanda 16 metre ýetýän şemal bolar

5-nji noýabr: Balkanda 16 metre ýetýän şemal bolar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 5-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarda +7... +12° maýyl bolar.
rkmenbaşy şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 765 mm, çyglylygy 35 — 55 %.
Awazada: howa +9... +11°, basyşy 773 mm, çyglylygy 40 — 60 %.
Balkanabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 772 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3° sowukdan +2° çenli, gündizine +5... +10° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 748 mm, çyglylygy 40 — 60 %.
Tejen şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 758 mm, çyglylygy 45 — 65 %.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +4... +9° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 754 mm, çyglylygy 40 — 60 %.
Baýramaly şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 753 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +3... +8° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 756 mm, çyglylygy 40 — 60 %.
Kerki şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 751 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -5° sowuk, gündizine +1... +6° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +4... +6°, basyşy 771 mm, çyglylygy 20 — 40 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 773 mm, çyglylygy 15 — 35 %.