Alymlar COVID-19-a genetiki taýdan çydamly adamlary gözleýärler

  • 02.11.2021 16:56
  • 12k+

Halkara barlag topary SARS-CoV-2-ä genetiki taýdan çydamly adamlary tapmak isleýär. Olar bu adamlary goraýan genleri kesgitlemegiň COVID-19-dan diňe bir goraman, eýsem, onuň ýaýramagynyň öňüni alýan wirusa garşy dermanlaryň taýýarlanylmagyna hem ýardam berjekdigine ynanýarlar. Bu barada UfaTime.ru habar berýär.

Ilki bilen alymlar uzak wagtlap näsag adam bilen gatnaşykda bolan, ýöne kesellemedik adamlary gözlemekçi. Hususan-da, olar esasy ünsi kesel ýokuşan adam bilen bir öýde ýaşaýan we bir düşekde ýatýan adamlara gönükdirer diýip, Nature ýazýar.

Braziliýadan Gresiýa çenli dünýäniň 10 gözleg merkezinden bolan hyzmatdaşlar topary eýýäm bu talaplara laýyk gelýän 500 töweregi dalaşgäri toplady. Olaryň makalasy mundan iki hepde ozal “Nature Immunology” žurnalynda çap edilenden soň bolsa, ýene 600 dalaşgär olar bilen habarlaşdy diýip, çeşme belleýär.

Ylmy barlagyň dowamynda awtorlar genleriň gözleginde COVID-19-y geçiren adamlaryň genomlaryny we oňa garşy durnukly adamlaryň genomlaryny deňeşdirerler. Islendik dalaşgär-gen öýjükli we haýwan modellerinde öwreniler.


düýn 16:31
4k+

Alymlar Saturnyň halkalarynyň ozal pikir edilişinden 10 esse gadymy bolup biljekdigini çaklaýarlar

Ýapon alymlary Saturnyň halkalarynyň ýaşy barada umumy kabul edilen nazaryýete garşy çykdylar we onuň planetanyň özi ýaly gadymy bolup biljekdigini aýtdylar. Olar öz barlaglaryny Nature Geoscience žurnalynda hödürlediler...

19.12.2024 10:50
2.1k+

Aşgabatda “akylly” we emeli aň tehnologiýalaryna bagyşlanan halkara forum geçirildi

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly...

16.12.2024 06:54
2.7k+

Astronomlar kosmosda V harpy görnüşindäki syrly gurluşy gördüler

Alymlar fromerden 12 million ýagtylyk ýylynda ýerleşýän Sentawr A galaktikasynyň golaýynda syrly V şekilli gurluşy tapdylar. “The Astrophysical Journal-ynda” çap edilen maglumatlara görä, obýekt takmynan 700 ýagtylyk...

15.12.2024 17:33
3.4k+

Aşgabatda robot tehnologiýasy boýunça geçirilen bäsleşige ýaşlaryň 272-si gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 272-si gatnaşyp, olaryň 181-si mekdep okuwçylaryndan, 91-si orta...