Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Glazgodaky COP26 sammitine gatnaşýar

  • 02.11.2021 08:06
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. Möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreler ara anlyp maslahatlaşylar.

Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň ählumumy foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň bu meselä örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň, adamzat üçin örän çynlakaý wehime garşy durmak üçin umumy, ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň derwaýysdygyna göz ýetirýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistan örän wajyp ekologik ähmiýetli halkara hukuk namalary bolan hem-de atmosferada bugly gazlaryň toplanylmagynyň durnuklylaşdyrylmagyna we dünýäniň klimatynyň antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilen Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, Kiota teswirnamasyny hem-de Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Ýeri gelende bellesek, Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň tarapdarlarynyň 26-njy maslahatyna gatnaşmak üçin dünýäniň çar künjünden myhmanlaryň müňlerçesi Şotlandiýanyň Glazgo şäherine geldiler. Habar berlişi ýaly, sammite döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň 100-den gowragy, şol sanda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşýar. Syýasatşynaslary, žurnalistleri, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we işewür gatlagyň wekillerini, umuman, 25 müňden gowrak adamy özünde jemlän maslahatda Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......