Ýaponiýada 2000-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 500 ien gymmaty bolan teňňäni dolanyşyga goýberdi

  • 01.11.2021 23:21
  • 3.3k+

Ýaponiýanyň banky (Merkezi bank) gymmaty 500 ien bolan ($4,4) täze teňňäni çykarmaga girişdi. Bu barada düzgünleşdirijiniň saýtynda habar berilýär diýip, TASS belleýär.

Teňňäniň dizaýny 21 ýyl mundan ozal dolanyşyga girizilen öňki teňňe bilen deňeşdirilende sähel üýtgedi. Indi ol iki reňkde çykarylýar we onuň gyralary haşamlanandyr. Munuň ony galplyklardan goramakda has netijeli boljakdygy bellenilýär.

Maliýe ýylynyň ahyryna çenli (2022-nji ýylyň mart aýynda tamamlanar) jemi 5 mlrd ($43,7 mln) 200 mln ien töweregi täze teňňe çykarmak meýilleşdirilýär. Köne nusgadaky teňňeler dolanyşykdan aýrylmaz.

Ilkibaşda Ýaponiýanyň banky täze teňňeleri şu ýylyň başynda çykarmagy meýilleşdiripdi, ýöne koronawirus pandemiýasy we bankomatlaryň hem-de jemgyýetçilik ulaglary üçin petekleri satyjy awtomatlaryň täzelenmeginiň gijikdirilmegi sebäpli, olary çykarmagy soňa goýmaly boldy.


12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....